MAGTYMGULY PYRAGY – DÜNÝÄ ÄHMIÝETLI ŞAHSYÝET

     Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns-aladalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Daşary ýurtlarda ýurdumyzyň medeniýet günleri geçirilse, daşary ýurtlaryň medeniýet günleri ata Watanymyzda dabaralandyrylýar. Şeýle medeni çäreleriň döwlet we halkara derejelerde geçirilmegi, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryny täze-täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.

     Golaýda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de Sakarçäge etrabynyň merkezi kitaphanasynyň guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynda «Magtymguly Pyragy – dünýä ähmiýetli şahsyýet» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň, şeýle-de merkezi kitaphananyň işgärleri we etrabyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary gatnaşdylar.

     Döredijilik duşuşygynyň barşynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň halkymyzyň ebedi mirasydygy, beýik şahyryň döredijiligine bütin dünýäde uly hormat goýulýandygy dogrusynda buýsançly bellenildi. Çärä gatnaşanlar dana Pyragynyň dünýä, durmuş hakyndaky pelsepeleriniň öz halkyna bolan oňyn garaýşynyň, belent söýgüsiniň beýanydygyny, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň gurlup ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzda akyldar şahyra goýulýan belent hormaty görkezýändigini nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda çäre gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna laýyk gelýän eserleriň döremeginde, ýaşlaryň döredijilige has içgin çemeleşmeginde, olaryň döredýän eserleriniň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

     Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar medeniýetimizi we sungatymyzy, Magtymguly Pyragynyň eserleri öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Suraý BABANYÝAZOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1137 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK