Ata Watanymyzda her ýylda uly dabara bilen bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşynyň belent owazydyr. Şanly senäniň çäklerinde geçirilýän toý dabaralar, guralýan aýdym-sazly çäreler bolsa, milli mirasymyzy, ajaýyp sungatymyzy öwrenmegiň we dünýä ýaýmagyň döwrebap görnüşidir.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda «Milli medeniýetiň ösen zamany, dünýä halklarynyň köňül çyragy!» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilen duşuşyga kalplary buýsançdan doly ýaşlar gatnaşdylar.
Baýramçylyga bagyşlanyp geçirilen döredijilik duşuşygyň başynda medeniýetiň beýik ylhamyň gözbaş akabasydygy, milli baýlyklaryň altyn täjidigi dogrusynda söhbet açylyp, hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly syýasaty netijesinde milli medeni-mirasymyzy öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işleriň barha rowaçlandygy barada täsirli gürrüň edildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryny hünär baýramçylygy bilen gutlap, medeni we ruhy mirasymyzyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.