Bagtyýar döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak, Garaşsyz Watanymyzyň sport abraýyny ýokarlandyrmak babatda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesillere sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle şertlerden ýerlikli peýdalanýan ýaş nesliň wekilleriniň arasynda ençeme sport ýaryşlary, bäsleşikleri yzygiderli guralýar.
Golaýda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi bilen Sakarçäge etrabynyň 8-nji çagalar bakja-bagynyň bilelikde guramagynda «Kim çalasyn?» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi. Sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça geçirilen bu bäsleşige bakja-bagyna gatnaýan dürli ýaşdaky çagalaryň gatnaşmagy çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Körpe türgenleriň ýerine ýetiren görkezme çykyşlary çärä gatnaşanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bu ýaryş körpeleriň sporta bolan höwesiniň ýokary derejededigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Sport bäsleşiginiň ýeňijileri we bäsleşige işjeň gatnaşan körpeler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglandylar. Şeýle sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi çagalaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi babatda uly ähmiýete eýedir.
Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren, sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Çynar HOŞGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Sakarçäge etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.