«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla oragynyň gyzgalaňly döwründe zähmetkeş daýhanlary üstünliklere ruhlandyrmak we möwsüme gatnaşyjylaryň armasyny ýetirmek boýunça biziň etrabymyzda-da işjeňlik görkezilýär. Etrabyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşi hem daýhanlaryň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirýärler.
Golaýda şeýle aýdym-sazly dabaralara giň orun berildi. Türkmengala etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen aýdym-sazly medeni-dynç alyş dabarasy «Harmanyňyza bereket, edermenler gallaçylar!» diýlip atlandyryldy.
Etrapda ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny gysga möhletde ýitgisiz we çalt ýygnamakda halal zähmetlerini gaýgyrmaýan gallaçylaryň, ussat mehanizatorlaryň we ýaş kärendeçileriň armasyny ýetirmek maksady bilen guralan medeni-dynç alyş dabarasynda etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr-tanslar belentden ýaňlanyp, olar ruhy lezzet aldylar. Ýurdumyzda bitýän dermanlyk ot-çöplerden taýýarlanan melhem çaýlar bolsa, janypkeş gallaçylaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Dabaranyň dowamynda oba hojalyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmekde, azyk bolçulygyny döretmek babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdyldy.
Babajan MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy.