TOMUSKY DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI DOWAM EDÝÄR

     Golaýda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmeklerini gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar zamananyň bagtly körpeleri» ady bilen türkmen halk ertekili kitaplaryny labyzly okamak boýunça çäre geçirildi. Çärä dynç alyş merkezine welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan dynç almaga gelen dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdy.

     Täsirli geçen çärede çagalar türkmen halk ertekilerini labyzly okamakda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar ertekileriň gahrymançylykly keşpleri, terbiýeçilik ähmiýeti bilen içgin tanyş boldular. Özara geçirilen sowal-jogap alyşmalar bolsa, çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Bu bolsa, bilesigeliji ruhubelent çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de hoş geçirmäge uly mümkinçilik berdi.

     Çäräniň dowamynda bagtyýar zamananyň goýnunda erkana okamaga, bilim almaga, dynç almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Sülgün ATAÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1137 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK