Tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde bagtyýar çagalaryň boş wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmeklerini, olaryň rahat dynç almaklaryny gazanmak maksady bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. «Durmuşyň bezegi eziz çagalar» ady bilen geçirilen bäsleşige «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan dürli ýaşdaky çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar.
«Şowhun» hem-de «Şatlyk» toparlaryndan ybarat bolan ýaryşda çagalar uzak aralyga ylgamakda bäsleşdiler.Ýaryş çekeleşikli hem-de gyzykly häsiýetde geçdi. Oňa gatnaşan ruhubelent körpejeler özleriniň çakganlygyny, erjelligini nobatdaky gezek subut etdiler. Şowhunly geçen ýaryşyň ýeňijilerine TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Maýa AKMYRADOWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.