Ýakynda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri, ady agzalan okuw mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Işjeň häsiýetde geçen dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekany hökmünde at-owazasy älem jahana dolan ýurdumyzda ýaş nesillere ylym we bilim bermekde zerur bolan ähli şertleriň döredilýändigi, ýurdumyzyň ylmy innowasion ösüşiniň geçen taryhy ýoly, dünýäniň ylmy gazananlarynyň jemgyýetimize yzygiderli ornaşdyrylyşy dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem islendik döwletiň çalt depginlerde we durnukly ösüşi ylym-bilimiň ösdürilmegi bilen aýrylmaz baglydygy, şonuň üçin hem döwletimizde ylmyň we tehnikanyň giň gerimde ösdürilmegine iňňän uly üns berilýändigi baradaky çykyşlara aýratyn ähmiýet berildi.
Maslahata gatnaşanlar talyp ýaşlara saýlap alan ugurlarynda uly üstünlikleriň ýar bolmagyny, ata Watanymyza wepaly nesiller bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşanlar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşylandy. Ýerine ýetirilen çykyşlar dabaraly maslahata gatnaşanlaryň her birine ruhy lezzet paýlady.
Täsirli geçen maslahat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň erkana okamaga, öwrenmäge, bilim almaga, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri bilen jemlendi.
Abdylla HUDAÝBERDIÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.