YNSANPERWERLIGIŇ BAÝRAMY

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip gelýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz mynasyp dowam etdirilýär. Gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň esasynda giňden bellenip geçilýän baýramçylyklaryň biri hem Gurban baýramydyr. Şu jähetden, häzirki günlerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Gurban baýramy mynasybetli çäreler hem-de baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

    Golaýda Gurban baýramy mynasybetli gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi we däp-dessurlarymyzy dabaralandyrmak, ony giňden wagyz etmek maksady bilen Sakarçäge etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi, şeýle hem etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy bolan Bäşimowlaryň maşgalasynda baýramçylyk çäresi geçirildi.

    Şatlyk-şowhuna, baýramçylyk ruhuna beslenip geçirilen bu asylly baýramçylyga etrabyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Bäşimowlaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, körpe nesliň wekilleri gatnaşdylar.

    Çäräniň barşynda toý gazanlary atarylyp, toý desterhanlary giňden ýazyldy. Ýaş gelindir, gyzlar toý saçaklaryny milli tagamlar, işdäaçarlar bilen bezese, ýaşuly eneler çaý başynda süýji söhbetler etdiler. Ýaşulular agtyklaryny daşyna jemläp, öwüt-nesihatlaryny, ýagşy arzuw-niýetlerini beýan etdiler. Gelinler pişme kesse, körpejeler pişme iýdiler. Körpe nesliň wekilleri Berkarar döwletimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň waspyny ýetirýän goşgulary ýerine ýetirdiler.

    Dabaranyň dowamynda çagalaryň şadyýan gülki sesleri, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Haýyr iş etmegi hemişe ileri tutýan halkymyz tarapyndan birnäçe däp-dessurlary ýerine ýetirmek bilen bellenip geçilýän bu baýram mynasybetli milli oýunlar oýnalyp, toý hiňňillikleri gurnaldy. Hiňňilliklerde uçýan bagtyýar ýaş ýigitlerdir gyzlaryň şadyýan sesleri toý dabaralaryna has-da ýaraşyk çaýdy. Bagtyýar raýatlary bir supranyň başyna jemläp, toý röwüşine eýe bolan bu günki çäre ata Watanymyzda milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dabaralandyrylýandygyny ýene bir ýola görkezdi.

    Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp zamanada milli däp-dessurlarymyzy dowam etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Jeýhun BAÝRAMDURDYÝEW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1137 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK