Ýaňy-ýakynda Garagum etrap merkezi kitaphanasynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy we elimize gowuşmagy mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyk «Dana, ussat Pähim-paýhas ummany, beýik şahyr – Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylyp, oňa ady agzalan guramanyň işgärleri hem-de kitaphanaçylar gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň başynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligi, baý edebi mirasy, berkarar Watanymyzda dana şahyrymyza goýulýan sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Onuň barşynda dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyryň Köpetdagyň eteginde seleňläp duran belent heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, söz ussady beýik şahyryň ýubileý toýy mynasybetli ýurdumyzda dabaraly çäreleriň geçirilmegi hem-de «Magtymguly» atly täze kitabyň çapdan çykmagy bilen bagly ýürek buýsançly söhbete aýratyn orun berildi.
Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çuňňur sarpa goýýan, akydar şahyrymyzyň mertebesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyşlar aýdyldy.
Ogulbagt AMANMYRADOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.