Ruhubelent ýaşlarymyzda ilkinji düşünjeleriň kemala gelmegini ýola goýmak çagalar baglarynda başlanýar. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri körpe nesilleriň arasynda bolup, olarda «Watan» diýen beýik düşünjäni kemala getirmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen dürli çäreleri, duşuşyklary we bäsleşikleri yzygiderli geçirýär.
Ýaňy-ýakynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp, körpeleriň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň döredijilige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, Mary etrabynyň 2-nji çagalar bagynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen bäsleşige ady agzalan bakja-bagynda terbiýelenýän zehinli körpeler gatnaşdy.
Bäsleşik çekeleşikli we işjeň ýagdaýda geçdi. Gyzykly geçen bäsleşikde körpeler ata Watanymyzy, ajaýyp tebigatymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, milli baýramçylyklarymyzy wasp edýän mowzuklar boýunça surat çekmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetiren surat eserleri körpe nesilleriň döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça körpeler ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy. Bäsleşigiň ahyrynda ýurdumyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren, çagalaryň zehinleri açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Zylyha BAKYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.