Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzda halkymyz nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan belleýär. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň agzybir işgärleridir agzalary bilen bu şanly senä ykjam taýýarlyk görýäris.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň, TZB-niň Baýramaly şäher bölümi bilen bilelikde guramagynda Baýramaly şäher Medeniýet öýünde «Danalaryň danasy Magtymguly Pyragy» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Çärä ady agzalan guramalaryň wekilleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän işgärler we bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Uly ruhubelentlige beslenip geçirilen dabaranyň başynda Gündogaryň beýik akyldary, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi türkmen halkymyzyň ýüreginde eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine we buýsançly şugününe guwanç duýgularyny döredýändigi dogrusynda aýdyldy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döreden kämil eserleriniň berkarar Watanymyzda her bir türkmen halkynyň, ylaýta-da, bagşylarymyzyň diliniň senasy bolup ýaňlanýandygy baradaky gürrüňler çykyşlaryň özenini düzdi.
Joşgunly gurşawy döreden çykyşlaryň dowamynda Baýramaly şäheriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary belentden ýaňlandy. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan hem-de şahyryň goşgularyna döredilip ýaňlanan joşgunly aýdymlar oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Baýramgeldi GAÝYPOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüm müdiri.