Her ýylda däp bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda Ylymlar güni giňden bellenilip, bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzda ylmy-amaly maslahatlardyr, baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyrylýar.
Ýaňy-ýakynda Ýolöten etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň ylym-barlag Pagtaçylyk institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen aýdym-sazly dabara hem Ylymlar gününe bagyşlandy. Oňa etrabyň öňdebaryjy ýaşlary gatnaşdylar.
Dabarada ady agzalan guramalaryň wekilleriniň baýramçylyk çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, asuda Diýarymyzyň ylmyny we bilimini täze esasda ösdürmek, baý mümkinçilikleri doly derejede durmuşa geçirmek babatynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ata Watanymyzyň ylym ulgamynyň dünýäniň ylmy giňişliginde üstünlikli goşulmagyny gazanmak babatdaky bimöçber işleri ulus-ilimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýändigi dogrusyndaky buýsançly çykyşlar, dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet-sungat işgärleriniň baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa edildi. Ýerine ýetirilen çykyşlar, oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Şarifa AZIMOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten
etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.