YLYMLAR GÜNI DABARALY BELLENILDI

Ýaňy-ýakynda welaýatyň «Bagtyýarlyk» seýilgähinde Ylymlar güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň guramagynda «Ylym – bagtyň açary» ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Çärä welaýat häkimliginiň, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, iri jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleri hem-de ylym-bilimden paýly bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä jemgyýetçiliginde uly abraý gazanan ata Watanymyzyň bu günki berkarar döwletimizde syýasy taýdan durnuklydygy, ykdysady taýdan ösendigi we ylmy taýdan kuwwatly döwletleriň hatarynda tanalýandygy dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Ylymlar gününiň her ýylyň 12-nji iýunynda giňden bellenip geçilýändigi, çünki ylmyň islendik döwletiň ösüşiniň esasy sütüni bolup, bagtly geljege sary ýagtylyk saçýan ýoldugy baradaky joşgunly çykyşlar öz beýanyny tapdy.

Dabaraly geçen çärede welaýatymyzyň okuw jaýlarynyň dürli ugurlar boýunça taýýarlan sergisi hem giň orun aldy. Talyp ýaşlaryň taýýarlan sergisi, dabara gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi. Soňra çäre welaýatyň medeniýet ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. Aýdym-sazly çykyşlar belentden-belent ýaňlanyp, oňa gatnaşanlarynyň her biriniň göwün guşuny ganatlandyrdy.

 

Maksat BÄŞIMOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1137 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK