Golaýda şeýle şygar bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we agzybirligiň baýramy bolan Gurban baýramyna bagyşlanyp, Baýramaly etrabynyň medeniýet bölüminde dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahata TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, bagtyýar ýaşlar gatnaşdy.
Gurban baýramy mynasybetli geçen maslahatyň başynda dabara gatnaşanlaryň ýürek töründen syzylyp çykýan joşgunly çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň baýramy bolan Gurban baýramy bilen dabara gatnaşanlar tüýs ýürekden gutlandy. Bu şanly baýramyň häzirki berkarar Watanymyzda döwlet derejesinde has dabaraly, şowhunly hem-de dynç alyş günleri bilen bellenilýändigi, bu baýramyň gadymy däp-dessurlar bilen döwrebap öwüşginlerde baýlaşdyrylýandygy barada aýratyn durlup geçildi.
Uly ruhubelentlige beslenip geçirilen dabaraly maslahat aýdym-sazly çykyşlara utgaşyp gitdi. Bu ýerde etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary el çarpyşmalar bilen garşylandy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda eziz Watanymyzyň beýik ösüşleriniň waspy belentden ýaňlandy.
Şeýle hem milli däp-dessurlarymyza çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.
Hojamyrat AKMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy.