ÇAGALARYŇ TOMUSKY DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI DOWAM EDÝÄR

     Tomsuň sapaly günlerinde güneşli Diýarymyzda çagalygyň arzyly pursady – tomusky dynç alyş möwsümi ýakymly we ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda bar bolan «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem ruhubelent çagalara şatlykly pursatlary eçilip, ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyş edýär. Bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalaryň arasynda geçirilýän dürli medeni-çäreler, döredijilik bäsleşikleridir duşuşyklar bolsa, giň gerime eýe bolýar.

     Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Durmuşyň bezegi eziz çagalar!» ady bilen geçirilen duşuşyga merkezde dynç alýan dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdy.

     Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmeklerini gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen guralan çärede çykyş edenler durmuşda kitap bilen çagalaryň has ýakyn gatnaşykda bolmagy zerur hasaplanylýandygy, kitabyň çagalaryň dünýägaraýşyny giňeldýändigi we olaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrýandygy dogrusynda buýsançly bellediler. Soňra merkezde dynç alýan dürli ýaşdaky ruhubelent çagalara halk döredijiligiň iň bir gadymy görnüşleriniň biri bolan türkmen halk ertekilerini okap berdiler. Olar ertekileriň gahrymançylykly keşpleri, terbiýeçilik ähmiýeti, çagalara ýetirýän täsiri we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.

     Çäräniň dowamynda erteki gahrymanlaryny çaga bilesigelijigi bilen diňlän okuwçylar gahrymanlaryň gylyk-häsiýetleri barada sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa, bagtyýar çagalaryň wagtyny gyzykly hem-de hoş geçirmegine uly mümkinçilik berdi.

     Şeýle hem çärä gatnaşanlar hem-de göwünleri galkynan çagalar berkarar Watanymyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1137 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK