SPORT – SAGLYGYŇ GIREWIDIR

     Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň sport ulgamy uly ösüşlere beslenýär. Halkymyz hemişe jan saglygyny başynyň täjine deňäp gelipdir. Ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berlip, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär.

     Golaýda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Bedenterbiýe  we sport bölüminiň 1-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň bu sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Sport – saglygyň girewidir» diýen at bilen sport çäresi geçirildi. Ýaşlaryň boş wagtlarynda sport we sagdyn durmuş endikleri bilen işjeň meşgullanmaklygy babatda uly ähmiýete eýe bolan bu ýaryşa sport mekdebiniň sportuň karate hem-de dzýudo görnüşi bilen meşgullanýan ýaş türgenleri gatnaşdylar. Ussat tälimçilerden tälim alýan ýetginjekler dürli agram derejeleri boýunça özara bäsleşdiler. Öz agram derejelerine laýyklykda güýç synanyşan türgenler görkezme çykyşlaryny hem ýerine ýetirdiler. Geçirilen sport çäresi bu sport mekdebinde tälim alýan türgenleriň ýaryşlara taýýarlygynyň ýokary derejededigini görkezdi.

     Bäsleşigiň ahyrynda çekeleşikli häsiýetde geçen sport çäresine işjeň gatnaşan ýetginjek türgenlere TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi türgenleriň has-da höweslenmegine we kämilleşmegine mümkinçilik döredýär. Sport çäresine gatnaşyjylar ýurdumyzda sporty, bedenterbiýäni ösdürmäge giň ýollary açan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Gülüstan NURYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1137 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK