GÖZEL ÜLKÄM BAGY-BOSSAN MEKANYM!

     Golaýda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Mary şäher Halk maslahaty bilen bilelikde guramagynda şäheriň 18-nji çagalar bagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, körpe nesilleriň arasynda tebigata bolan söýgini has-da artdyrmak maksady bilen guralan çärä TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri, şäher halk maslahatynyň agzalary hem-de şol çagalar bagynyň körpeleri gatnaşdylar.

     Duşuşykda çykyş edenler tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesillerimiz üçin gorap saklamak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy  buýsançly bellediler. Şu jähetden, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna goşant goşmak her bir ýaş nesliň esasy maksady bolup durýandygy baradaky täsirli gürrüň bolsa, çykyşlarynyň özenini düzdi.

     Soňra çagalar bagynyň ýanaşyk ýerlerinde bar bolan, bag nahallarynyň düýbüni abatlaýyş we suwaryş işine giň gerim berildi. Bu ýerde körpe nesiller we çärä gatnaşanlar bag nahallaryny suwardylar, ýerlere ideg etdiler. Bu bolsa, gözel tebigatymyzy we özboluşly ekologiýa şertleri bilen tapawutlanýan güneşli ülkämizi gorap saklamaga, Diýarymyzda arassa ekoulgamy kemala getirmäge ýardam berýär.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde ýaş nesillere görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Mähri SAPAROWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1137 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK