Tomus paslynyň sapaly günlerinde dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýaş nesiller bilen bir hatarda, çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda geçirilýän dürli medeni-çäreler, döredijilik bäsleşikleridir, duşuşyklar giň gerime eýe bolýar.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik bäsleşigi hem täsirli boldy. Wekilbazar etrabynyň 3-nji çagalar bakja bagynda geçirilen döredijilik bäsleşigi «Biz bagtyýar çagalar» diýlip atlandyrylyp, oňa şol bakja bagda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar.
Ösüp gelýän çagalary döredijilige ugrukdyrmak, olaryň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak we surat çekmeklige bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde körpe nesiller bagtly çagalyklaryny, ajaýyp Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän surat eserlerini çekmek arkaly bäsleşdiler. Bäsleşikde körpeleriň çeken ajaýyp suratlaryna TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň hünärmenleridir, ady agzalan bakja-bagynyň terbiýeçileri syn edip, mynasyp baha berdiler we bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi.
Ýeňiji bolanlara we işjeň gatnaşan körpelere TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle-de çärä gatnaşanlaryň her biri çagalaryň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda körpe nesilleriň döredijilik bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Hajar GARRYÝEWA,
TMÝG-nyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.