GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda tomus paslynyň ilkinji günlerinden ýurdumyzda bar bolan dynç alyş merkezleri öz işine başlady. Welaýatymyzda bar bolan «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem bagtyýar çagalara gujagyny gerdi.

     Häzirki wagtda ýaş nesillerimiz bu ýerde göwnejaý dynç alyp, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar, döredijilik bäsleşiklere, aýdym-sazly, medeni-dynç alyş dabaralara yzygiderli gatnaşýarlar, olar ertekili we goşguly kitaplary okap, öz wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi tarapyndan geçirilýän dürli çäreler hem giň gerime eýe bolýar.

     Ýakynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmeklerini gazanmak hem-de ösüp gelýän çagalary sporta ugrukdyrmak maksady bilen Mary welaýat häkimliginiň, TMÝG-niň Mary welaýat we Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda sportuň küşt görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

     Bäsleşige küşt oýnamaga höwesli çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Küşt oýnamaga höwesli çagalar özleriniň ýaşlygyna garamazdan, küşt oýnunda ýyldyrym çaltlygynda tizlik bilen pikirlenmäge we oýnamaga bolan ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Soňra ýeňijiler yglan edildi.

     Gyzykly we çekeleşikli häsiýetde geçen bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşan bagtyýar çagalara TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Hekim GELENOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK