Golaýda şeýle şygar bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragy adyndaky medeni dynç alyş bagynda aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Bu dabaraly çäre Baýramaly şäher häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşi tarapyndan guraldy. Oňa medeniýet, sungat işgärleri, şahyrlar we kalplary buýsançdan doly ýaşlaryň ençemesi gatnaşdylar.
Aýdym-sazly dabaranyň başynda täsirli çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmekde we ony giňden wagyz etmekde alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda durlup geçildi. Soňra dabaraly çäre Baýramaly şäheriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan hem-de şahyryň goşgularyna döredilen aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar oňa gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Uly ruhubelentlige beslenen dabaranyň ahyrynda türkmen halkyny ak daňlara alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.
Maksat ANNAMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly
şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.