Ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy hasaplanýan asuda Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmekde uly tagallalar edilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Hut şu jähetden, häzirki günlerde etrabymyzyň çäginde geçirilýän sport çäreleri hem giň gerime eýe bolýar.
Ýaňy-ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda sportuň milli göreş ugry boýunça ýaryş geçirildi. Tagtabazar etrabynyň 1-nji sport mekdebinde geçirilen bäsleşik «Sagdyn nesil – kuwwatly Watan» diýlip atlandyrylyp, oňa ady agzalan sport mekdepde tälim türgenleriň birnäçesi gatnaşdylar.
Bäsleşigiň başynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 1-nji sport mekdebiniň wekilleri hormatly Prezidentimiziň döwlet ýolbaşçylygynda türkmen sportunyň abraýynyň has-da belende göterilýändigi we bu ugurda ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda giňişleýin çykyş edip, bäsleşige gatnaşýan türgenlere şowlulyk arzuw etdiler.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralan ýaryş gyzykly hem-de dartgynly häsiýete eýe boldy. Bu bäsleşige kemsiz taýýarlykly gelen türgenler ýokary netijeleri görkezdiler. Ýaş göreşçileriň bu üstünligi olary täze ýeňişlere galkyndyrdy.
Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen sportuny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Maksatmyrat TÄÇMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.