Güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygynyň baýramy giňden bellenilýär. Golaýda Mary etrabynyň medeniýet öýünde şanly senäni has-da dabaralandyrmak maksady bilen «Watan gahrymanlaryna baky şöhrat!» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk çäresine ýokarda ady agzalan guramalaryň wekilleri, ýaşuly nesiller, kümüş saçly eneler we ýaşlar gatnaşdy.
Aýdym-sazly dabarada ilki bilen täsirli çykyşlara orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, uruş weteranlaryň ählisine «Türkmenistanyň Milli Gahrymany» diýen adyň berlendigi, asuda Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ömrüni ata Watanymyza hyzmat etmäge we ony gözleriniň göreji ýaly goramaga bagyşlan uruş weteranlar, olaryň yzynda galyp, mukaddes ýar ojagyny wepadarlyk bilen saklan ýan ýoldaşlary hem-de tylda tutanýerli zähmet çekenler bilen Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän duşuşyklaryň ýatdan çykmajak pursatlara öwrülýändigi barada aýratyn nygtaldy.
Buýsançly pursatlara beslenen dabaraly maslahat Mary etrabynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam edip, oňa gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Mähri SAPAROWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.