ÝÜPEK GURÇUGYNY IDETMEK IŞLERI DOWAM EDÝÄR

      Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Mälim bolşy ýaly, biziň halkymyz ýüpekçilik bilen gadym döwürlerden bäri meşgullanyp gelýär. «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna goşulmagy ýüpekçilik pudagynyň ýokary derejede ösdürilýändiginden nyşandyr. Ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçileriniň irginsiz aladalary netijesinde alynýan ýüpek hem-de ondan öndürilýän ýokary hilli önümler Watanymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

      Şu günler ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem ýüpek gurçugyny idetmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şol sanda Sakarçäge etrabynyň ýüpekçilik hojalyklarynda hem ýüpek gurçugyny idetmek babatda jogapkärli işler amala aşyrylýar. Etrabyň çägindäki daýhan birleşiklerde we daýhan hojalyklarda bu möwsüme ykjam taýýarlyk görüldi. Bu möwsümde Sakarçäge etrabynyň ýüpekçileri 56 tonna pile tabşyrmaklygy maksat edinýärler. Etrapda ussat tejribeli ýüpekçiler bilen şertnama baglaşylyp, 1 müň 534 guty ýüpek gurçugy pileçi-kärendeçilere paýlanyp berildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň agzalarynyň ýüpek gurçugyny idetmeklige we zähmet terbiýesini alyp barmaga işjeň gatnaşýandygy has-da buýsandyryjydyr.

      Etrabyň pile kabul ediş we guradyş sehleriniň hem pile kabul etmeklige doly taýýar edilendigini bellemek gerek. Sakarçäge etrabynda ýylyň-ýylyna ýaş tut nahallarynyň oturdylmagy, tut agaçlaryna ideg edilmegi ýüpek gurçugy üçin zerur iýmit bolan tut ýapraklarynyň ýeterlik mukdarda bolmagyna şert döredýär.

      Häzirki günlerde pile öndürmekde aýratyn işjeňlik görkezýän etrabyň öňdebaryjy kärendeçilerine TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Sona BABAJANOWA

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK