«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da artdyrmak maksady bilen kitaphana ulgamy bilen bir hatarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri, maslahat duşuşyklarydyr, gezelençler giň gerime eýe bolýar.
Şeýle çäreleriň biri golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda hem geçirildi. Ýaşlarda kitaba bolan çuň höwes döretmek, olaryň arasynda kitap okamagy we kitaphana medeniýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk «Älem syry kitap bilen açylýar» diýlip atlandyrylyp, oňa TMÝG-niň Mary welaýat, etrap, şäher Geňeşleriniň işgärleri, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, kitaphanaçylar we talyp ýaşlar gatnaşdy.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 18-nji bendini üstünlikli durmuşa geçirmek guralan bu duşuşykda täsirli çykyşlara hem giň orun berlip, çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda kitaphana ulgamynda uly işler amala aşyrylýandygy, welaýatymyzda bar bolan kitaphanalaryň türkmen ýaşlaryny has hem yhlasly okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygy, çünki islendik bir kitabyň paýhas gönezligidigi we gymmatly genji-hazynadygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Täsirli geçen duşuşyga gatnaşyjylar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, zähmet çekmegi üçin ähli amatlyklary we durmuş ýeňilliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Şeýle ähmiýetli çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmekde we kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.