Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Mary welaýat Geňeşleriniň bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda sanly ulgam boýunça okuw-usuly maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistanyň 2024-ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we internet ulgamy boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahata TMÝG-niň Mary welaýat, etrap, şäher Geňeşleriniň işgärleri, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdy.
Okuw-usuly maslahaty TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Maksat Janmyradow alyp baryp, birnäçe täsirli çykyşlara giň orun berildi.
Maslahatda TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow, Mary welaýat prokurorynyň kömekçisi, I derejeli ýuristi Maýsa Kurbanowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Şatlyk Silapow dagylar çykyş edip, olar sanly ulgamyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy bilen türkmen ýaşlarynyň bu ugurda has-da kämilleşip ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna, täze döwrebap nesliň kemala gelmegine oňyn täsiriniň ýetirýändigi barada täsirli gürrüň berdiler, şeýle hem ýurdumyzda internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, kibermedeniýet sowatlylygynyň zerurlygy baradaky çykyşlary, oňa gatnaşanlarda täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary kemala getirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Batyr GURDOW,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.