Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanan Watan gahrymanlarynyň, olaryň yzynda galan mährem enelerimiziň mertebesi belentde tutulyp, şu günler ýerli häkimlikleriň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bu beýik ynsanlaryň bagtyýar ojaklarynda myhmançylykda bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny gowşurýarlar.
Hut şu nukdaýnazardan, golaýda geçen asyryň gowgaly wakalaryndan sag-aman baş alyp çykyp, bu gün aramyzda ýaşap ýören gahrymanlarymyzyň biri Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy uruş weterany Abdyýew Şamy aganyň ojagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ýolöten etrap Geňeşi, etrap häkimligi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary myhmançylykda bolup, onuň bilen söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda edermenligiň görelde mekdebine öwrülen, uly hormat-sarpanyň eýesi bolan uruş weterany 98 ýaşly Şamy aga öz hoşallyk sözlerini şeýle beýan etdi: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, uruş weteranlaryň ählisine «Türkmenistanyň Milli Gahrymany» diýen ady berlip, biz weteranlar iň amatly şertlerde we aýratyn döwlet goldawy bilen abadan durmuşda ýaşaýarys. Biz üçin ähli durmuş ýeňillikleri doly üpjün edip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, belent başlary hemişe aman bolsun!»
Duşuşygyň dowamynda, uruş weterany Abdyýew Şamy aga TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan ter gül desseleri hem-de ýadygärlik sowgady gowşuryldy.
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.