Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Oňa kalplary ata Watanymyza bolan mähir-muhabbetden doly bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuny dabaraly bellemek maksady bilen guralan duşuşykda edilen çykyşlar many-mazmuna baý bolup, uly täsire beslendi.
Çykyş edenler şygryýet äleminiň söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly belleniljek Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ýeňişli gadamlarynyň badynyň barha artýandygy, eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, biziň Mary welaýatymyzda hem bu senä giňden taýýarlyk görlüp, oňa biziň Ýaşlar guramamyzyň agzybir işgärleridir, işjeň agzalary hem öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklary dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Bu sene mynasybetli welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalary, bilim hem-de medeniýet ulgamlary bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerde bilim alýan talyplaryň, okuwçy ýaşlaryň arasynda maslahatlar, döredijilik duşuşyklar, edebiýat agşamlar yzygiderli geçirilip, geçirilýän çärelerde akyldar şahyrymyzyň gymmatly eserleriniň köptaraplaýyn terbiýeçilik ähmiýetiniň wagyz-nesihat edilýändigi, munuň özüniň türkmen ýaşlarynyň her birinde buýsanç duýgusyny ganatlandyryp, uly joşguna besleýändigi barada edilen çykyşlar bolsa, duşuşyga özboluşly öwüşgin çaýdy.
«Tegelek stoluň» başyna ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.