TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň hem-de «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyna hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp geçirilen duşuşyga TMÝG-niň Mary welaýat, etrap, şäher Geňeşleriniň işgärleri, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary gatnaşdylar.

     Bu ýerde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde toýlanylmagyna görülýän taýýarlyk işleri, şahyryň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde hem-de ony dünýä ýaýmakda durmuşa geçirilýän işler barada bellediler. Çykyşlaryň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly kitabynyň bagtyýar ýaşlarymyza sowgat berilmegi hem-de onuň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda edilen çykyşlar bolsa, oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

     Çykyşlaryň dowamynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, galamynyň ýiti bolmagyny arzuw edip, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Kakajan TÄÇGULYÝEW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň kätibi.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK