PAÝHASYNY DÜNÝÄ ÝAÝAN PYRAGY!

      Golaýda şeýle şygar bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki «Marygazçykaryş» müdirliginiň durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyň medeniýet köşgünde aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Sakarçäge etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen çärä ady agzalan guramalaryň wekilleri, etrabyň bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular hem-de mährem eneler gatnaşdylar.

      Meşhur türkmen danasy, akyldary, dünýä poeziýasyna gymmatly goşant goşan şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp garşylamak maksady bilen geçirilen dabarada Sakarçäge etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň mugallymy, şahyr Gunça Amansähedowa, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni, şahyr Suraý Babanyýazowa, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogulnabat Gylyjowa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy bolup ýaňlanýan Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri, akyldar şahyryň belent sarpasyna we edebi mirasyna goýulýan gadyr-gymmatyna şaýatlyk etjek bu şanly senäniň halkara derejesinde toýlanyljakdygy barada buýsançly bellediler. Söz mülküniň zergäri Magtymguly Pyragynyň ýazan goşgularynyň nesil terbiýesine ýetirýän täsiri dogrusyndaky gürrüň bolsa, çykyşlarynyň özenini düzdi.

      Çykyşlaryň dowamynda nusgawy şahyryň arzuwlan zamanasynda ýaşadýan, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

      Täsirli geçen dabarynyň ahyrynda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

 

Merdan BEKMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK