SUNGAT ÝYLDYZLARYNY ÝATLAP...

       Gahryman Arkadagymyzyň halypa-şägirtlik ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga aýratyn üns berilýär. Şeýle mümkinçiliklerden giňden peýdalanýan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem ýerlerde ýaşlaryň arasynda döredijilik duşuşyklarydyr, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýärler.

       Ýakynda şeýle çäreleriň biri Mary welaýat kitaphanasynda hem geçirildi. Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanowyň doglan gününiň 90 ýyllygy, şeýle-de Türkmenistanyň halk artisti «türkmen bilbili» adyna mynasyp bolan, hoş owazly aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewanyň hatyrasyny hormatlap geçirilen döredijilik duşuşygyny Mary welaýat kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi bilelikde gurady. Oňa welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary, TMÝG-niň Mary welaýat, etrap, şäher Geňeşleriniň işgärleri hem halypa artistler gatnaşdylar.

       Duşuşykda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa, welaýat kitaphanasynyň sungat bölümçesiniň kitaphanaçysy Maýa Ataýewa, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Laçyn Rahmanowa hem-de Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçe kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy Seýitmuhammet Seýitmuhammedow dagylar çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda türkmeniň milli medeniýetiniň we sungatyň ösmegine saldamly goşant goşan halypalary hormat bilen ýatlap, olaryň bitiren hyzmatlarynyň ýaş nesilleriň aňynda ebedi galmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada buýsanç bilen belläp, bütin ömürlerini sungata bagyş eden Baba Annanowyň hem-de Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijiligi barada täsirli gürrüň berdiler.

       Çykyşlaryň dowamynda türkmen kino sungatynda öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanowyň «Ykbal», «Bedewiň ogurlanmagy», «Aýgytly ädim», «Kärizgenler» we birnäçe çeper filmlerde döreden ajaýyp keşpleriniň hem-de kinorežissýor hökmünde surata düşüren kinofilmleriniň ýokary baýraklara mynasyp bolandygy, türkmen milli aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran, manyly ömrüni opera sungatyna bagyş eden Türkmenistanyň halk artisti, «Dünýäniň saýrak bilbili» adyny alan Medeniýet Şahberdiýewanyň «Japbaklar», «Şasenem we Garyp», «Meniň dostum Meleguş» we birnäçe filmlerde ýerine ýetiren aýdymlary barada aýratyn durup geçdiler.

       Şeýle hem, çykyşlaryň her birinde halypa-şägirtlik ýoluny giňden dowam etdirmäge, milli medeniýetimizi we sungatymyzy giňden öwrenmäge hem-de ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK