Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň many-mazmuny, kitabyň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy bilen bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik çuň many-mazmuna beslendi.
Söhbetdeşlik duşuşygynda TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Aýjeren Geldiýewa, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum, Sakarçäge we Wekilbazar etrap Geňeşleriniň başlyklary Sülgün Agajanowa, Merdan Bekmyradow, Nagmat Hümmedow dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyny türkmen halkyna sowgat bermegi, bu gymmatly gollanmada ýurdumyzyň ýaşlarynyň dürli pudaklarda gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berilmegi, kitabyň bir bölüminiň bolsa «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy» diýlip atlandyrylmagynyň guramanyň işgärlerini yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Çykyşlaryň dowamynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň taryhyna zer harplar bilen ýazyljak Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde toýlanyljakdygy, dana şahyryň ömür ýoly, ýaş nesillere miras galdyran döredijiligi we häzirki bagtyýar zamanamyzda akyldar şahyrymyza goýulýan belent sarpa dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Şeýle hem, çykyşlaryň her birinde Gündogaryň beýik akyldary, söz mülküniň zergäri Magtymguly Pyragyny çäksiz sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşlar aýdyldy.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.