ÝYLYŇ ŞYGARY – ÝAŞLARYŇ KÖŇÜL MUKAMY

     Golaýda şeýle at bilen, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, ýurdumyzda ýaşlar baradaky edilýän aladalary, ýetilen belent sepgitleri wagyz etmek şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň many-mazmunyny ýaşlara giňişleýin düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Mary şäher Halk Maslahatynyň, Mary welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde guramagynda Mary şäher iç keseller hassahanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri, işjeň agzalary, welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçylary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

     Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň başlygy, Mary şäher Halk Maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, Mary welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor Enebaý Italmazowa, Mary welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçy kapitan Maksat Begmyradow, Mary Nebitgaz orta orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Selbi Hanowa hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Annagözel Saryýewa dagylar çykyş etdi.

     Çykyşlarda her bir güni toýdur-baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda ýaşlar barada edilýän aladalar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň many-mazmuny we üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti, akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý döredijiligi dogrusynda beýan etdiler. Şeýle hem, çykyşlaryň her birinde türkmen halkynyň milli mirasyny giňden öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Göwher KAKAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK