DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

       Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan we peder kesbine eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halypa-şägirtlik ýolunyň dowamat dowamdygyny çeper sözüň üsti bilen açyp görkezmek, täze we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Bagtyýarlyk ylhamy» atly döredijilik gepleşigi geçirildi. Oňa döwrüň sesine öz sesini goşýan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden kalplary ylhamly ýaşlar gatnaşdylar. Gepleşigi «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Orazguly Annaýew alyp bardy.

       Döredijilik gepleşigiň barşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň Magtymguly Pyraga uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň güwäsidigi, dana şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny giňden wagyz etmekde we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda buýsançly söhbet edildi. Gepleşigiň dowamynda ýaş şahyrlar bilen döwrümiziň edebiýaty we olaryň goşgulary barada özara sorag-jogap alşyldy. Ýaş şahyrlar özleriniň ata Watanymyzy, ene topragymyzy hem-de Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan goşgularyny okap bermekleri bolsa, duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

       Gepleşigiň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Maýa AKMYRADOWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK