ÝAŞLARYŇ ARASYNDA BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

        Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy özboluşly mana eýe bolup, täze ýylyň başlanmagy bilen bagly çärelere, dünýä edebiýatynda özmejek yz galdyran nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara giň gerim berildi.

        Ýadymyzda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň geçen aýda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyza belli ýazyjy şahyrlaryň ýerlerde ýaş döredijiler bilen duşuşyklary geçirmeginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmunyna kybap geljekdigini aýdypdy. Şu teklipden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem welaýatlarymyzda halypa-şägirtlik ýörelgesi esasynda döredijilik duşuşyklaryny geçirmekligi ýola goýdy.

        Şu maksatlara laýyklykda, häzirki günlerde «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Orazguly Annaýewiň we «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýewiň gatnaşmaklarynda Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda döredijilik duşuşyklar geçirildi. Golaýda Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen brifing duşuşygy şeýle waka bagyşlandy.

        Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, welaýat kitaphanasynyň hem-de «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyk «Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi» diýlip atlandyryldy. Oňa TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary, halypa we ýaş şahyrlar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

        Brifing duşuşygy Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat we döredijilik duşuşyklaryň geçirilýändigi, 2024-nji ýylyň hem Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrylmagynyň hem dünýä belli nusgawy şahyrymyza goýulýan hormatyň we beýik sarpanyň nyşanydygy baradaky buýsançly gürrüňler bilen açyldy. Söz mülküniň hökmürowany Magtymguly Pyragynyň öz ýaşan döwrüniň sesine ses goşup, onuň şygyrlary diňe bir öz ýaşan zamanasynda meşhur bolman, eýsem häzirki günlerimizde hem şahyryň döreden kämil eserleri her birimiziň dilleriniň senasy bolup ýaňlanýandygy baradaky buýsançly söhbetler çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle hem, brifing duşuşygyň dowamynda halypa şahyrlaryň hem-de ýaş şahyrlaryň ýerine ýetirmeklerinde goşgular okalyp, özara döredijilik älemi bilen bagly sorag-jogap alşyldy.

        Duşuşygyň dowamynda türkmen edebiýatynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna  alkyş sözleri aýdyldy.

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK