MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANDY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen ilimiz Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýuna barýar.

      Golaýda Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem bu şanly waka bagyşlandy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleri, alnyp barylýan işleri, şahyra goýulýan hormat-sarpany ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu duşuşyk Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi hem-de welaýat kitaphanasy tarapyndan guraldy. Oňa şol guramanyň we kitaphana ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresinde many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.

      Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly, onuň ýaş nesillere miras galdyran döredijiligi we akyldar şahyra ýurdumyzda goýulýan belent sarpa dogrusynda giňişleýin gürüň etdiler. Duşuşykda dana şahyryň akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp setirlerinde türkmeniň milli ruhunyň ýaşaýandygyna, inçe duýga ýugrulan öwüt-ündewli eserleriniň jemgyýeti sagdyn ösdürmekde görelde mekdebidigine hem-de nusgawy şahyryň döredijiliginde nesil terbiýesi babatynda öňe sürülýän parasatly pikirlere aýratyn üns çekildi.

      Şeýle hem, çykyşlaryň her birinde şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden bellenilmeginiň türkmen halkymyzyň ýüreginde ata Watanymyzyň şöhratly geçmişine we şugününe buýsanç duýgularyny artdyrýandygyny buýsançly belläp, türkmen edebiýatynyň solmaz çyragy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK