Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarly ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly üstünliklere beslenýär. Taryhy wakalary bilen şöhratlanjak ýylymyza bagyşlanyp, etrabymyzyň çäginde geçirilýän dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda şeýle çäreleriň biri Mary welaýat kitaphanasynda-da geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy şu şanly waka bagyşlanyp, ol «Arzuwlan döwrüň geldi Pyragy!» diýlip atlandyryldy. Işjeň ýagdaýda geçen bu duşuşykda täsirli çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmeginde çuňňur manynyň bardygy we bu şanly ýylymyzyň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edip, beýik akyldar şahyryň baý döredijiligi, şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan, ýaşlara öwüt-ündew berýän terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlary hakynda giňişleýin durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň şahyryň döredijiligine berýän belent bahasy, oňa bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygry, Magtymgulynyň döredijiliginiň türkmen halkynyň durmuşynda wajyp orun tutýandygy dogrusynda buýsançly bellediler.
Şeýle hem, çykyşlaryň her birinde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hojamyrat AKMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly
etrap Geňeşiniň başlygy.