ÝAŞLARYŇ BELENT ÜSTÜNLIKLERI – BEÝIK GELJEGIŇ BUŞLUKÇYSY

         Golaýda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça alnyp barylýan işler hem-de döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň, ýaşlaryň işi, okuwy we dynç alşy bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatynda hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, ýaşlarda «Watan» diýen düşünjäniň mukaddesligini we Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de «Altyn göreç» okuw merkeziniň Mary şäher şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda «Ýaşlaryň belent üstünlikleri – beýik geljegiň buşlukçysy » atly pedagogiki maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa şol okuw merkezde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar.

         Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Myrat Hanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby Berdigylyç Ýazmyradow, Türkmenistanyň Maliýe institutynyň talyby Rahymberdi Gyzylow hem-de «Altyn göreç» okuw merkeziniň Mary şäher şahamçasynyň müdiri Maksat Hançarow dagylar çykyş etdiler.

         Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesiller hakynda edýän aladalary, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary, olaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly we watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda çykyş edip, ata Watanymyzda bu ugurda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler şeýle hem, Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleri, ýaşlaryň  öňünde durýan borçlary barada giňişleýin durup geçdiler.

         Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanan üstünliklerini giňişleýin beýan edýän wideo şekilli gysga film, oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

         Maslahata gatnaşanlar ýaş nesillere şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, ata Watanymyzyň geljegini ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Annagözel SARYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK