SPORTUŇ BOKS GÖRNÜŞI BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmekde uly tagallalar edilýär. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigine aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Şu nukdaýnazardan hem, häzirki günlerde welaýatymyz bilen bir hatarda, etrabymyzyň çäginde geçirilýän sport çäreleri giň gerime eýe bolýar.

      Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda boks boýunça ýaryş geçirildi. Wekilbazar etrabynyň 2-nji sport mekdebinde geçirilen bäsleşik «Sport – sagdynlyk we gözellik» diýlip atlandyrylyp, oňa şol sport mekdepde tälim alýan okuwçylar gatnaşdylar.

      Bäsleşigiň başynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 2-nji sport mekdebiniň wekilleri çykyş edip, olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen sportunyň abraýynyň has-da belende götermek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş çärelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda giňişleýin çykyş edip, bäsleşige gatnaşýan ýaşlara  şowlulyk arzuw etdiler.

      Soňra ýaryş gyzykly hem-de çekeleşikli häsiýete eýe bolup,.bäsleşigiň jemi boýunça Wekilbazar etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň okuwçylary Kerwen Emirow, Söhbet Emirow, Muhammet Myradow dagylar öňdeligi eýelemegi başardylar. Ýaş boksçularyň bu üstünligi olary täze ýeňişlere galkyndyryp, sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan ýaşlaryň barha kämilleşýändiklerini görkezdi.

      Bäsleşige gatnaşyjylar sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän we sagdyn durmuş ýörelgesiniň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Döwlet BAÝRAMOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK