PEDAGOGIKI MASLAHAT GEÇIRILDI

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 20-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda pedagogiki maslahat geçirildi. Oňa ady agzalan Ýaşlar guramalaryň wekilleri, meýletinçiler we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

      Ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça alnyp barylýan işler hem-de döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň, ýaşlaryň işi, okuwy we dynç alşy bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatynda hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, ýaşlarda «Watan» diýen düşünjäniň mukaddesligini we Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen geçirilen çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Ogulboldy Öwezberdiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyplary Akhumaý Çaryýewa we Humaý Amanowa dagylar çykyş etdiler.

      Pedagogiki maslahatyň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň uly üstünliklere eýe bolýandygy, bu ugurda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzy, bilim işgärlerini we ýaşlary uly ruhubelentlige ýetirýändigi dogrusynda söhbet açyldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamy bilen bir hatarda, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň hem üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn, hünärli, edep-terbiýeli bolmaklary hakyndaky aladalara uly üns berilýändigi we munuň ýurdumyzyň geljekki ösüşleri baradaky aladany özünde jemleýändigi baradaky täsirli söhbetler çykyşlarynyň özenini düzdi.

      Maslahatyň dowamynda görkezilen wideoşekilli gysga film çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Işjeň ýagdaýda geçen pedagogiki maslahata gatnaşyjylar ýaş nesiller üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Kuwwat ÇARYÝEW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK