Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen edebiýatynyň dünýäde giňden tanalmagy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Peder kesbine eýerýän hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji gymmatly eseri il-günümiz bilen bir hatarda, türkmen ýaşlarynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Hut şu nukdaýnazardan, häzirki günlerde hem etrabymyzyň çäginde wagyz-nesihat çäreleri, maslahatlar, duşuşyklardyr söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň guramagynda Mary myhmanhanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy, onuň ajaýyp many-mazmuny we ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda giňden söhbet açylan duşuşyga TMÝG-niň Murgap etrap Geňeşiniň işgärleri, işjeň agzalary we köňülleri Watan söýgüsinden doly ýaşlar gatnaşdylar.
Tegelek stoluň başyna ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky jaýdar pikir-garaýyşlaryny özünde jemleýän «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna ajaýyp sowgat bolandygy, ygtybarly gollanmadygy we ýol-ýörelgedigi barada aýratyn bellediler. Çykyş edenleriň nygtaýyşy ýaly kitapda ylymda, döredijilikde, zähmet-de hem-de sportda aýratyn tapawutlanyp, döwlet we halkara derejelerindäki ýaryşlarda ýeňiş gazanan bagtyýar ýaşlaryň atlarynyň we üstünlikleriniň agzalmagy ýurt Baştutanymyzyň her bir ýaş raýatlarymyzyň ata Watanymyzy ösdürmekdäki goşan goşandyny ünsden düşürmeýändiginiň güwasidir.
Çykyşlarynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti bolmagyny, ajaýyp kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuwlap, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji hasaplanylýan ýaşlarymyzyň yhlasly okamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli amatlyklary we durmuş ýeňilliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Atageldi GURBANOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Murgap etrap Geňeşiniň başlygy.