AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI

     Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda «Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar» diýip, akyldar şahyrymyzyň öz zamanasynda aýdan sözleri, bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hakykata öwrüldi. Çünki, nusgawy şahyrymyzyň goşgulary täze-täze aýdymdyr sazlaryň, nusgalyk mukamlaryň döremegine gözbaş boldy. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda hem şahyryň döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly çäreler, döredijilik duşuşyklar,  maslahatlar, edebiýat agşamlar giň gerime eýe bolýar.

     Golaýda şeýle çäreleriň biri Sakarçäge etrabynyň çagalar sungat mekdebinde-de geçirildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp geçirilen aýdym-sazly çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşi gurap, oňa ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, sungat mekdebiniň okuwçylary we ýaşlar gatnaşdylar.

     Aýdym-sazly çäre Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň öz ýaşan döwrüniň sesine ses goşup, onuň şygyrlarynyň diňe bir öz ýaşan zamanasynda meşhur bolman, eýsem häzirki günlerimizde hem şahyryň döreden kämil eserleri bagşylarymyzyň diliniň senasy bolup ýaňlanýandygy baradaky buýsançly çykyşlar bilen açyldy. Joşgunly gurşawy döreden çykyşlaryň dowamynda Gündogaryň nusgawy şahyryna bagyşlanan hem-de şahyryň «Armanym galdy», «Yzlamaýan bolarmy?», «Boýlaryňa» ýaly goşgularyna döredilen aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

     Çärä gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzy we akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Jennet ŞIRIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK