Golaýda şeýle at bilen Baýramaly şäher Medeniýet merkezinde şu ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy, nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Baýramaly şäher häkimliginiň, TZB-niň Baýramaly şäher bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Aýdym-sazly dabarada ilki bilen giň gerimli we täsirli çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrylmagynyň dünýä belli nusgawy şahyrymyza goýulýan uly hormatdan we beýik sarpadan nyşandygy, şeýle hem, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde bellenilmeginiň halkymyzyň ýüreginde ata Watanymyzyň şöhratly geçmişine we şugününe buýsanç duýgularyny artdyrýandygy barada aýratyn nygtaldy.
Işjeň ýagda geçen dabarada hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň çapdan çykmagy täze ýylymyzyň guwançly wakasy bolmak bilen, halkymyzda ylaýta-da, ýaşlarymyzda çuňňur buýsanç, ýokary ruhubelentlik duýgusyny döredendigi baradaky joşgunly çykyşlara aýratyn ähmiýet berildi. Soňra türkmen halkyny ak daňlara alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.
Buýsançly pursatlara beslenen dabaraly maslahat Baýramaly şäheriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam edip, ýaňlanan joşgunly çykyşlar oňa gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Eziz SAPAROW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly
şäher Geňeşiniň başlygy.