GÖWÜN GUŞUMYZY GANATLANDYRDY

     Häzirki günlerde etrabymyzyň çäginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmegi, onuň many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti baradaky çäreler, maslahat duşuşyklardyr söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolýar.

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen «tegelek» stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy bu şanly waka bagyşlanyldy. Duşuşyga kalplary ata Watanymyza bolan söýgüden doly bagtyýar ýaşlar gatnaşdy we çykyş etdiler.

     Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagynyň türkmen ýaşlary üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolandygy, bu ajaýyp kitabyň türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň waspnamasydygy we bu kitabyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedigi, şeýle-de, täze eseriň ýaşlarymyzyň her biriniň işlerinde ygtybarly gollanmadygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlarynyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy» atly bölüminiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärlerine we agzalaryna bagyşlanandygy, şeýle hem olary täze üstünliklere ruhlandyrýandygy barada buýsanç bilen nygtadylar.

     «Tegelek stoluň» başyna ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasata eýlenen ajaýyp kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuwlap, ýaşlaryň yhlasly okamagy, döredijilik zähmet çekmegi we döretmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz alkyşlar aýdyldy.

 

Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK