HASYL BOLDY ARZUWLARYŇ MAGTYMGULY PYRAGY!

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde guramagynda ýaş şahyrlaryň we mugallymlaryň gatnaşmaklarynda şol okuw mekdebinde döredijilik duşuşygy geçirildi.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmegi, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylmagy hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu çäre «Hasyl boldy arzuwlaryň Magtymguly Pyragy!» diýen şygar bilen atlandyrylyp, onda «Maru-şahu Jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy Bahargül Mejidowa, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary Mähri Halmuhammedowa we Kakajan Çaryýarow hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa dagylar çykyş etdiler.

     Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmakda, Watanymyzy mundan beýläkde özgertmekde, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çäksiz hormat goýmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri dogrusynda buýsanç bilen bellediler.

     Çäräniň dowamynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň sarpasyny dünýä ýaýmaklyga giň ýol açan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

 

Annagözel SARYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK