WATAN GORAGÇYLARYNYŇ GÜNÜNE BAGYŞLANDY

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda bellenilýän «Watan goragçylarynyň gün»i mertligiň we gaýduwsyzlygyň mertebelenýän baýramy hökmünde giňden dabaralanýar. Hut şu nukdaýnazardan, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda hem baýramçylyk çäreleri özboluşly many-mazmuna eýe bolýar.

     Golaýda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp «Watan goragy mukaddesdir!» ady bilen dabaraly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Wekilbazar etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara il sylagly ýaşulular, harby gullukçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary we ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynda many-mazmunly, täsirli we buýsançly çykyşlara giňden orun berildi.

     Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň saýasynda Watany goramagyň mukaddesligini wagyz-nesihat etmeklige, ýaşlary merdana ata-babalarymyzyň mertliginiň we gaýduwsyzlygynyň nusgalyk ýörelgesinde terbiýelemek meselesine aýratyn üns berilýändigi, netijeli işleriň hem yzygiderli geçirilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň berdiler. Soňra ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylygynyň goragynda duran synmaz erkli, gujur-gaýratly merdana gerçeklerimiziň baýramy bolan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli bu ýere gatnaşanlary gyzgyn gutlap, ata Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda tutumly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

     Buýsançly pursatlara beslenen dabara Wekilbazar etrabynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, harby gullukçylaryň joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. Ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar, joşgunly tanslar oňa gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.

 

Hajar GARRYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK