Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň her bir ugurda yhlasly, tutanýerli, maksada okgunly bolup ýetişmekleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän ajaýyp eserleri türkmen ýaşlary üçin nusgalyk mekdep, gymmatly ýol-ýörelge bolup durýar. Şeýle ajaýyp eserleriň many-mazmunyny bagtyýar ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmeke etrabymyzyň ähli ýerlerinde birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap we şäher Geňeşleriniň hem-de Baýramaly etrap Merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň röwşen geljegi, egsilmez güýji bolup durýan bagtyýar ýaşlara bagyşlan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy we onuň baý mazmuny barada «Waspy dillere dolan ajaýyp kitap» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sowgat beren ajaýyp kitabyna bagyşlanyp geçirilen duşuşyga TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap we şäher Geňeşleriniň işgärleri, etrap Merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary we işjeň agzalary gatnaşdylar.
Çykyş edenler kitabyň ýaş nesilleri terbiýelemekde, olary belli bir ugra gönükdirmekde tutýan orny, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlarymyzyň gazanan uly üstünlikleri we ýeten belent derejeleri barada ajaýyp eserde aýratyn ähmiýet berilmeginiň ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydygy barada belläp geçdiler.
Duşuşyga gatnaşanlar bu şanly ýylymyzda hem ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdumyzyň pajarlap ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklary barada buýsanç bilen belläp, halkymyzy eşretli we bagtyýar zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Azat MUHIÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.