TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna sowgat beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy halkymyz üçin, ylaýta-da, türkmen ýaşlary üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna boldy. Şu nukdaýnazardan, häzirki günlerde etrabymyzyň çäginde geçirilýän maslahat duşuşyklarydyr, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolýar.

       Golaýda, Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji täze kitabynyň çapdan çykmagy, onuň ajaýyp many-mazmuny we ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Oňa TMÝG-niň Garagum etrap Geňeşiniň işgärleri, işjeň agzalary we ýaşlar gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde gyzykly gürrüňe we buýsançly çykyşlara giň orun berildi.

       Tegelek stoluň başyna ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna ajaýyp sowgat bolandygy, täze eseriň halkymyzyň, aýratynda ýaşlaryň her biriniň işlerinde ygtybarly gollanmadygy we ýol görkeziji şamçyragdygy barada aýratyn bellediler. Çykyşlarynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy» atly bölüminiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna bagyşlanmagynyň olary täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.

       Täsirli geçen söhbetdeşlige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti bolmagyny arzuwlap, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda uly aladalar edýän, ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, zähmet çekmegi üçin ähli amatlyklary we durmuş ýeňilliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Ýazmyrat ANNAGURBANOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK