Ýakynda Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy hem-de onuň many-mazmunyny ýaşlara giňişleýin ýetirmek maksady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşi gurap, oňa TMÝG-niň Türkmengala etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Duşuşykda buýsançly çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagynyň merdana halkymyzda, ylaýta-da, ýaşlarymyzda egsilmez hoşallyk duýgusyny döredendigini belläp geçmek bilen, ajaýyp kitabyň her bölüminiň many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti, bezeg aýratynlyklary bilen döwrebap usulda neşir edilendigi barada aýratyn nygtadylar.
Ýokary ruhubelentlikde geçirilen söhbetdeşlik duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseriniň türkmen ýaşlary üçin durmuşda nusgalyk mekdepdigi, ýol görkeziji şamçyragdygy we gymmatly gollanmadygy baradaky buýsançly söhbetlere aýratyn ähmiýet berildi.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edip, ata Watanymyzy batly depginler bilen ösdürýän, halkymyzy bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Begenç AGAÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy.