KÖRPELER – BIZIŇ RÖWŞEN GELJEGIMIZ

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamyny döwür bilen aýakdaş özgertmekde, kämilleşdirmekde we bilim-terbiýeçilik işlerini dünýä derejesinde ýaýbaňlandyrmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän çäksiz aladalar bolsa, bilim işgärleriniň jogapkärçiligini ýokarlandyryp, olary röwşen geljegimiziň eýeleri boljak watansöýüji ýaşlary kemala getirmäge borçly edýär. Şeýle borç duýgusyndan ugur alan, bilim işgärleriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleri öz netijeli miwelerini berýär.

       Hut şu nukdaýnazardan, ýakynda körpe nesilleri bilimli, sowatly edip ýetişdirmek, olaryň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak, körpelere ekologiýa babatda terbiýe bermek we daşky gurşawy goramagy öwretmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň guramagynda Murgap etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Tebigat durmuşyň gözelligidir» atly surat çekmek boýunça özara bäsleşik geçirildi.

       Bäsleşikde körpe nesiller eziz Watanymyzy, ajaýyp tebigatymyzyň gözelligini, janly-jandarlarymyzy wasp etmekde surat çekmek boýunça özara bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Şeýle maksatly çäräniň geçirilmegi bolsa, körpe nesilleriň zehin başarnygyny ýüze çykarmaga, olarda döredijilige bolan söýgini has hem artdyrmaga uly itergi berýär.

       Bäsleşik örän gyzykly we täsirli geçip, oňa gatnaşanlar çagalaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilikli kuwwatyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.

 

Şeker KAKAJANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK