Belent maksatlara beslenip, bir-birinden zyýada gelýän ýyllar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýoly bilen öňe barýan asuda Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy arzyly menzillere ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylham güzerinden gözbaş alan ajaýyp şygyr setirlerini şygar edinen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem uly ruhubelentlige beslenip, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden ýaýbaňlandyrylýan dabaralar bilen badalga aldy. Häzirki günlerde hem ähli ýerlerde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda hem bu şanly waka mynasybetli dabaraly çäreler, maslahatlardyr, wagyz-nesihat duşuşyklar giň gerime eýe bolýar.
Golaýda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 23-nji orta mekdebinde geçirilen maslahat duşuşygy hem şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. «Köňüller soltany Magtymgulydyr» ady bilen geçirilen maslahat duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan gurnalyp, oňa TMÝG-niň etrap Geňeşiniň işgärleri, işjeň agzalary, ady agzalan orta mekdebiniň okuwçy ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar.
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy bilen baglanyşykly buýsançly we täsirli gürrüň duşuşykdaky çykyşlaryň özenini düzdi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen edebiýatyny, beýik şahsyýetlerimiziň adyny dünýä ýaýmakda alyp barýan döwletli işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berip, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmeginde çuňňur manynyň bardygy we ýaşlaryň buýsançly başyny göge ýetirendigi barada buýsançly çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşanlar ýaşlaryň döredijilikli işlemegi, yhlasly okamagy üçin giň mümkinçiliklere ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Sülgün AGAJANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum
etrap Geňeşiniň başlygy.